«Türkmennebit» döwlet konserni ýurduň ykdysadyýetinde iri önümçilik-hojalyk toplumy bolup, ol nebitgazly ýataklarda gözleg-barlag işlerini geçirmek we olary özleşdirmek işlerini alyp barmak bilen, pudagyň ösüşiniň esasy maksatnamalarynyň toplumlaýyn çözgüdini üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 1-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlap geçiren iş maslahatynda, beýleki düzümler bilen bir hatarda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kuwwatyny has-da artdyrmagyň hem-de işini ýokarlandyrmagyň, nebit senagatyny öňdebaryjy, girdejili pudaklaryň birine öwürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny aýratyn nygtady. Munuň özi konserniň pudaklaýyn düzümleriniň önümçilik wezipelerini yzygiderli ýerine ýetirip, kärhanalaryň maliýe-ykdysady görkezijileriniň we düşewüntliliginiň ýokarlandyrylmalydygyny talap edýär. Şundan ugur alýan konserniň buraw işleri müdirlikleriniň hünärmenleri şu günler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ruhuna laýyk işleri bitirmek üçin has-da gaýratly zähmet çekýärler. Tutuş konsern boýunça geçen ýyl täze guýulary gazmakda 193,5 müň metre golaý dag jynslarynyň burawlanylyp, önümçiligiň ösüş depgininiň 167,5 göterimden hem gowrak ýokarlandyrylmagy bu ugurda üstümizdäki ýylda hem has belent sepgitleriň eýelenjekdigine şaýatlyk edýär.