Burawçylaryň üstünlikleri

Burawçylaryň üstünlikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, önümçiligiň derejesini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen giň möçberli işleri durmuşa geçirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň zähmetsöýer burawlaýjylary tarapyndan alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr.

Müdirligiň zähmetsöýer burawlaýjylary eziz Watanymyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan belleniljek toýuna özleriniň zähmet sowgatlary bilen barmak üçin öwgä mynasyp iş alyp barýarlar. Has takygy, geçen 2020-nji ýylyň dowamynda nebitgaz çykaryş kärhanalaryna ulanyşa berilmeli 17 guýynyň deregine 19 sany gözleg-barlag we ulanyş maksatly guýy tabşyrylyp, meýilnama 111,8 göterim ýerine ýetirildi, şonlukda ösüş depgini 475,0 göterim boldy.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993