— Biz işimiziň aýratynlygyna laýyklykda, önümçilik kärhanalarynda ýygy-ýygydan bolýarys. Şonda bizi garşylaýanlaryň arasynda öňki ýyllarda hünär okuw mekdebimizi üstünlikli tamamlan hünärmenlere gabat gelýäris. Olaryň yhlas bilen zähmet çekip, işleriň öňe gitmegine mynasyp goşant goşýandyklaryny görenimizde, şatlygymyz goşalanýar. Zähmetimiziň ýerine düşýändigine buýsanýarys we ýurdumyz üçin gerekli hünärli, başarjaň ýaşlary taýýarlamak işine has-da jogapkärli çemeleşýäris — diýip, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň direktorynyň okuw-önümçilik işleri boýunça orunbasary Iskender Taşow gürrüň berýär.
Gürrüňdeşimiziň şeýle ýakymly duýgulary başdan geçirmegi ýöne ýerden däl. Çekýän zähmetiniň ýerine düşmegi islendik adamda çäksiz kanagatlanma duýgusyny döredip, ony has tutanýerli zähmet çekmäge, mydama döredijilikli gözleglerde bolmaga höweslendirýär. Bu hünärler ojagyna öz kärini söýýän, esasan bolsa, ondan kämil baş çykarýan adamlar jemlenipdir. Olaryň hatarynda Emelaý Nurullaýewa, Leýla Kurbanowa, Täzegül Jumanyýazowa ýaly talapkär, başarjaň okuw-önümçilik ussalarynyň —mugallymlarynyň atlary hormat bilen agzalýar. Ýeri gelende mekdepde okuw işlerini ýokary talaplara laýyk alyp barmak üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi hem bellärliklidir. Şeýle amatlyklar bolsa, ilkinji nobatda, özüniň ykbalyny bezejek, ömrüne many berjek hünäri öwrenmäge höwesli ýaşlary özüne çekýär. Olar bu okuw mekdebinde okamaga, halaýan hünärlerini ele almaga ýürekleriniň emri bilen gelýärler. Dowam edýän häzirki okuw ýylynda bu ýerde hünärleriň 9-sy boýunça ýigitleriň we gyzlaryň 480-den gowragynyň bilim alýandyklary hem ýokarda beýan edilenleri bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.