ENERGETIKA DIPLOMATIÝASY — ÝURDUMYZYŇ DAŞARY SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY

ENERGETIKA DIPLOMATIÝASY — ÝURDUMYZYŇ
DAŞARY SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň  Maksatnamasynda» nebitgaz toplumynda gaýragoýulmasyz wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen ulgamlaýyn çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň transmilli gaz geçirijilerini döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi we oňa gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Tebigy gazyň eksport edilýän möçberleriniň artdyrylmagynyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň esasy düzüm bölekleriniň biri bolup durýandygy bilen baglylykda, bu ugruň ileri tutulýan ugur hökmünde öňe ilerledilmegi bellärliklidir.

Energetika howpsuzlygy dünýäniň ykbaly, adamzadyň geljegi üçin ägirt uly ähmiýeti bolan meseleleriň hatarynda durýar. Bu gün energiýa göterijileriň halkara üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmeklik ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Ol gönüden-göni döwletleriň bähbitlerine galtaşýar, durmuş-ykdysady ösüşine, adamlaryň ýaşaýyş derejesine we hiline, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişiniň mümkinçiliklerine täsir edýär.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993