ÇAGALARYŇ DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMI ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENDI

ÇAGALARYŇ DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMI ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENDI

Yurdumyzda durmuşyň gül-gunçasy çagalaryň tomusky we gyşky dynç alyş möwsüminde wagtyny netijeli geçirmegi üçin ähli amatly şertler bar. Çagalaryň müňlerçesi ýylyň-ýylyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky we welaýatlarymyzdaky döwrebap merkezlerde talabalaýyk dynç alýar we saglygyny pugtalandyrýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Gökdere jülgesinde gurlan dynç alyş we sagaldyş merkezleri uly ähmiýete eýe bolup durýar. Güneşli ülkämiziň diýseň gözel we arassa howaly bu täsin künjeginde nebitgaz toplumynyň hem birnäçe merkezleri bar. «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň «Nebitçi» sagaldyş merkezi hem şolaryň biridir.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň gyşky möwsüminde hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesi «Nebitçide» bolup, jülgäniň jümmüşindäki bu sapaly ýerde dynç aldylar. Merkezde hereket edýän sport, bedeni pugtalandyryş, surat çekmek, edebiýat we dil, drama, el hünäri, aýdym we tans gurnaklaryna çagalar örän höwesli we işjeň gatnaşdy. Bu ýerde gündelik gurnalýan aýdym-saz, sport bäsleşikleri, medeni dynç alyş çäreleri örän gyzykly geçirildi. Çagalar her gün paýtagtymyzdaky «Älem», «Aşgabat», «Ylham» we beýleki medeni dynç alyş merkezlerine, seýilbaglaryna gezelenje äkidildi, ýurdumyzyň döwlet sirkinde, teatrlarynda, kino-konsert merkezlerinde täze ýyl baýramçylygy mynasybetli oýunlara, aýdym-saz agşamlaryna tomaşa etdiler.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993