«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylary hem özüniň mübärek gadamy bilen halkymyza egsilmez şatlyk we ýokary ruhubelentlik getiren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan täze — 2020-nji ýylyň işlerine guramaçylykly girişdiler. Müdirligiň gazçylary häzirki gyş günlerinde welaýatyň ilatyny hem-de edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda, demirgazyk welaýatyň obadyr şäherlerinde ýyladyş ulgamlarynda ilat tarapyndan gymmatly «mawy ýangyjyň» aýawly ulanylmagy ugrunda hem netijeli işleri alyp barýarlar.
Geçen ýylda müdirligiň gazçylarynyň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň işçi-hünärmenleri bilen bilelikde bitewi gaz ulgamynda alyp baran düýpli abatlaýyş işleriniň netijesinde welaýatyň ilatynyň we edara-kärhanalarynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen talabalaýyk üpjün edilmegine giň mümkinçilik döredi. Şu nukdaýnazardan welaýatyň Gubadag, Gurbansoltan eje adyndaky, Ruhubelent, Köneürgenç, Saparmyrat Türkmenbaşy hem-de S. A. Nyýazow adyndaky etraplarynda we welaýat merkezi bolan Daşoguz şäherinde bar bolan gaz desgalaryny düýpli abatlamakda hem-de gaz geçirijileriň zerur ýerleriniň durkuny täzelemekde ýerine ýetirilen işleriň netijesinde gaz ulgamlarynyň geçirijiligi has-da artdy. Bir söz bilen aýdylanda, häzirki döwürde müdirligiň gazçylary tarapyndan welaýatyň obadyr şäherlerinde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň 13 müň kilometre golaý ýerine, şeýle hem gaz sazlaýjy hem-de paýlaýjy enjamlaryň bolsa 4750-den gowragyna ýokary derejede gözegçilik edilip, 205 müňden gowrak hojalygyň milli baýlygymyz bolan tebigy we suwuklandyrylan gazdan bökdençsiz peýdalanmagy gazanylýar.