TÄZE SEPGITLERE YNAMLY BADALGA

TÄZE SEPGITLERE YNAMLY BADALGA

Amatly geoykdysady
ýagdaýa eýe bolan Garaşsyz Diýarymyzda esasy uglewodorod serişdeleri bolan nebitdir gazy çykarmak, olary gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirmek, önümçilige häzirki zaman tilsimatlaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ulgamyň kärhanalaryny tehniki taýdan pugta enjamlaşdyrmak, täze ýangyç geçirijilerini gurmak, ozaldan bar bolan önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu ugurda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iň iri önümçilik düzümi bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Günbatar Türkmenistandaky Çeleken ýarym adasynyň gury ýer böleginde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň zähmet toparlary hem öwgä mynasyp işleri bitirýärler.

Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşýän Çeleken ýarym adasy, bilermenleriň tassyklamagyna görä, uglewodorod çig malynyň juda köp gorlaryny öz goýnunda saklaýar. Günbatardan gündogarlygyna 40 kilometre golaý uzalyp gidýän ýarym adanyň tutýan meýdany 500 inedördül kilometre ýetýär. Çeleken — «çar» we «kän» sözlerinden emele gelip, ol «dört kän», ýa-da «dört baýlyk» (nebit, nebitdakyl, duz, boýag) diýen manyny aňladýar. Häzirki wagtda bu ýerde «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri gaýratly zähmet çekýärler.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993