TAGALLALY ZÄHMETIŇ NETIJESI

TAGALLALY ZÄHMETIŇ NETIJESI

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalary nebitgazly ýataklary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda uly işleri amala aşyrýarlar. Konsern boýunça şu ýylyň ilkinji aýynda meýilnama goşmaça 2 müň 310 tonna barabar «gara altynyň» çykarylmagy, 1 müň 72 metre barabar çuňlugyň artyk burawlanmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmeginde hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynda gazanylýan üstünlikleriň öz mynasyp dowamyny tapmagy üçin döwrebap işleriň amala aşyrylmagyna hemişe aýratyn üns berýär. Şunda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary önümçilige içgin ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem gaýragoýulmasyz wezipeleriň biridir. Konserniň şöhratly zähmet däplerine baý bolan «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri hem bu belent wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda gaýratly işleri bitirýärler.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993