Nebit pudagynyň ösüş depgini

Nebit pudagynyň ösüş depgini

Türkmen nebitçileri «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny
ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, nebit pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we yzygiderli syýasaty bilen baglanyşykly döwrebap talaplardan ugur alyp, ýurdumyzyň nebit pudagyny ösdürmek maksady bilen, senagat derejesindäki täze nebit gorlaryny gözläp tapmak, täze önümli gatlaklaryň hem-de känleriň üstüni açmak, şeýle hem işlenip geçilýän nebitgazly känleriň özleşdirilişiniň ähmiýetliligini has ýokarlandyrmak üçin sanly ulgam bilen bir hatarda nebit önümçiligine has oňaýly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça bu ugurlarda uly tejribesi bolan daşary ýurtly kompaniýalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň depginini gün-günden güýçlendirýärler.

Türkmenistanda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen birlikde Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd» kompaniýasynyň Hazar deňziniň Türkmenistana degişli suw ýalpagynda ýerleşýän Jeýtun we Jygalybeg känlerinden hem-de Italiýanyň «Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasynyň gury ýerde ýerleşýän Burun käninden we Awstriýanyň «Mitro International Limited» kompaniýasynyň gury ýerde ýerleşýän Gündogar Çeleken käninden ugurdaş gaz we kondensat bilen bilelikde çig nebiti çykarýandygyny bellemeli.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993