Amyderýanyň sag kenarynyň üç ýatagy özleşdirilmäge girişildi

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň gündogar bölegindäki gazly ýataklary ulanmaga bermek boýunça taslamanyň ikinji tapgyryny amala aşyrmaga girişdi. Onuň çäklerinde Amyderýanyň sag kenarynda üç sany ýatagyň — Günbatar Joramergen, Gökmiýar we Daşrabat ýataklarynyň önümçilik düzüminiň gurluşygyna başlandy.

«China Petroleum News» saýtynyň habar berşi ýaly, taslamany «CNPC International» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy hem-de «Sichuan Petroleum Construction» kompaniýasy amala aşyrýarlar. Şu ýylyň maýynda gol çekilen şertnama iýun aýynyň ortasynda resmi taýdan güýje girdi. Häzirki wagtda Günbatar Joramergen ýatagynda gaz toplaýan bekedi gurmak boýunça işler batly depginlerde dowam edýär. Şeýle hem gazy toplamak we ugratmak üçin niýetlenen 250 mm diametrli (DN250) turbageçirijiniň 17 kilometr gowragy kebşirlendi. Beýleki tehnologik we inženerçilik-tehniki desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993