Süýji suwly guýularyň sany artýar

Süýji suwly guýularyň sany artýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzalary barha golaýlaşýan goşa şanly senä, ýagny ýurt Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň bolsa 25 ýyllyk şöhratly baýramçylyklaryna şu günlerden uludan taýýarlykly barýarlar. Häzirki döwürde Gubadag etrabynyň «Bitarap Türkmenistan» geňeşliginiň Derýalyk obasynda deslapky barlag işlerini depginli alyp barýan ekspedisiýanyň suw gözleýjileri tarapyndan şu ýylyň sekiz aýynda ýedi sany dik guýy burawlanyp, ýerasty suwlaryň düzümi we hereketi giňişleýin anyklanylýar. Munuň özi halkymyzy ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmekde möhüm wezipeleriň biridir.

Mälim bolşy ýaly, ekspedisiýanyň işçi-hünärmenleri ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň giňişliklerinde, Garagum sährasynyň jümmüşinde we welaýatyň obadyr şäherlerinde ekologiýa hadysalaryny, ýerasty suwlaryň hereketini hem-de tebigat, tebigy baýlyklarymyz bilen baglanyşykly geoekologik ýagdaýlary öwrenmek ugrunda burawlaýyş hem-de ylmy-barlag işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Ekspedisiýanyň agzalary bulardan başga-da, ýurdumyzda hereket edýän Prezident maksatnamalaryna, ýörite Kararlara laýyklykda welaýatyň oba-şäherlerinde we Daşoguz, Köneürgenç şäherlerinde dürli maksatly desgalaryň guruljak ýerleriniň inžener-geologik şertlerini çuňdan öwrenmekde hem-de şol binalara zerur bolan ýanaşyk ýerlerden süýji suw ätiýaçlyklarynyň ýataklaryny gözläp tapmakda hem gözlegli işleri dowam edýärler. Ekspedisiýanyň burawlaýjylary tarapyndan bu ugurda soňky wagtda, aýratyn hem welaýatyň oba ilatynyň arassa agyz suwa bolan islegini doly kanagatlandyrmak maksadynda ýerasty süýji suw gorunyň gözleg-barlag işlerini we düzgün gözegçiligini hem-de geoekologik barlaglaryny geçirmekde Gubadag, Köneürgenç, S.A.Nyýazow adyndaky hem-de Ruhubelent etraplarynda ýüzlerçe metr çuňluk burawlanyp, süýji suw ätiýaçlygynyň ençeme ygtybarly gorlary anyklanyldy.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993