«Gara altynyň» senagat ähmiýetli bol akymy alyndy

«Gara altynyň» senagat ähmiýetli bol akymy alyndy

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 27-nji awgustynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» buraw işleri müdirligi tarapyndan gazuw işleri tamamlanan täze 317-nji guýudan çüwdürim esasynda bol nebit akymynyň alynmagy konserniň burawlaýjylarynyň nebitgazly ýataklarda dürli maksatly täze guýulary gazmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberini artdyrmakda döwrebap işleri amala aşyrýandyklaryna güwä geçýär. Bu ajaýyp zähmet üstünligi barada müdirligiň baş geology Meretgylyç TUWAKGYLYJOW gazetimiziň Balkan welaýaty boýunça habarçysyna şeýle gürrüň berdi:

— Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmeginde hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynda gazanylýan üstünlikleriň öz mynasyp dowamyny tapmagy üçin döwrebap işleriň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň görkezmelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary önümçilige içgin ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň biridir. Biziň şöhratly zähmet däplerine baý bolan «Goturdepe» buraw işleri müdirligimiziň hünärmenleri hem bu belent wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda tagallalaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993