Türkmen nebitçileriniň ynamly gadamlary

Türkmen nebitçileriniň ynamly gadamlary

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynyň zähmet toparlary şu günler has-da gaýratly zähmet çekip, mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramçylyklaryny täze üstünliklere beslemegi başarýarlar.

Konserniň düzüminde uglewodorod serişdelerini çykarmak, dürli maksatly täze guýulary gazmak, alynýan çig mallary ýörite turbageçirijiler we deňiz ulaglary arkaly gaýtadan işleýjilere ýetirmek, gaz gysyjy beketlerdir sazlaýjy desgalary bina etmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, guýularyň düýpli ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmak bilen meşgullanýan edara-kärhanalaryň onlarçasy bar. Olaryň baý iş tejribesi we ylmy taýdan esaslandyrmalara daýanýan sazlaşykly işi netijesinde şu ýylyň sekiz aýynda hereket edýän guýulardan 2 million 617 müň tonna golaý «gara altyn» çykarylyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 106,2 göterim ösüş depgini gazanyldy. Deňeşdirilýän döwürde 415 million kubmetre barabar «mawy ýangyç» köp çykaryldy. Bu görkezijiler konsernde alymlar, geologlar we önümçilik inženerleri tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynyň möçberini yzygiderli artdyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň öz oňyn netijelerini berýändigini aňladýar. Bu oňyn netijeler degişli müdirliklerde iň täze we has kämil häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmagyň hasabyna gazanylýar. Nebitgaz çykaryş müdirliklerinde hereket edýän guýularda hyrly sorujylary we ýokary basyşly gazgöteriş usulyny ulanmak, turbageçirijilerde parafin döremeginiň garşysyna ýörite çäreleriň toplumyny amala aşyrmak, täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy tejribäni yzygiderli özleşdirip, olary önümçilige ornaşdyrmak hem gazanylýan ösüşleriň girewidir. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe gazanylan bu üstünliklerde meýilnamalaryna artygy biten hötde gelmegi başaran «Gumdagnebit», «Keýmir», «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň mynasyp paýy bar.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993