Türkmen topragynyň gymmatly baýlygy bolan tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberini artdyrmak işinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň başarjaň hem-de janypkeş işgärleri tutanýerlilik we maksada okgunlylyk görkezýärler. Olar ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrundaky ählihalk hereketine bir adam ýaly bolup gatnaşyp, üstümizdäki ýylyň şanly senelerini — ýurt Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygyny, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinýärler. Munuň şeýledigine «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň geçen sekiz aýynyň önümçilik görkezijileri hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Geçen hasabat döwründe ýeriň çuň gatlaklaryndan gazylyp alnan «mawy ýangyç» 5,7 milliard kubmetrden gowrak boldy we bu baradaky meýilnama 105 göterimden gowrak berjaý edildi. Gazanylýan üstünlikde Garagumuň gum depeleriniň arasynda ýerleşýän gaz känlerinde arman-ýadaman zähmet çekýän her bir işgäriň mynasyp zähmet paýy bar.