«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Döwletabat-Derýalyk Baş gaz geçirijisinden «mawy ýangyjyň» hemişe üznüksiz akdyrylyp, sarp edijilere harytlyk gazyň ugradylmagynda müdirlige degişli «Şatlyk» önümçilik kärhanasynyň zähmet adamlarynyň hem mynasyp paýy bar.
Kärhanada işçi-hünärmenleriň 300-den gowragy tutanýerli zähmet çekýär. Baş gaz geçirijiniň ugrunda ýerleşýän kuwwatly önümçilik kärhanalarynyň ilkinjisi bolan bu kärhana desganyň 0-njy kilometrliginden bellenilen çägine çenli aralygyna hyzmat edýär.