Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyz, döwletimiz üçin edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň bank ulgamynda uly ösüşler gazanylýar.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky öz müşderilerine «Cash-back» hyzmatyny we «Owerdraft» karzyny, şeýle hem ýurdumyzda telekeçiligi goldamak maksady bilen, olaryň hasaplaryna gelýän nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmegiň ýa-da fiziki şahslaryň hasabyna geçirmegiň amatly görnüşleriniň hyzmatlaryny amala aşyrýar.