Nebiti gaýtadan işleýjiler oňat görkezijileri gazanýarlar

Nebiti gaýtadan işleýjiler oňat görkezijileri gazanýarlar

Ýetip gelýän şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny mynasyp sowgatlar bilen garşylaýanlaryň hatarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň agzybir we ruhubelent işgärleri hem bar. Olar şanly baýramyň giňden belleniljek ýylynyň her bir gününi zähmet üstünliklerine besleýärler. Senagat kärhanasy boýunça şu ýylyň geçen dokuz aýynyň maliýe-ykdysady netijeleri hem bu sözlere ynandyryjylykly şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän nebitgaz toplumynda işleriň sazlaşykly guralmagyna we ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Munuň üçin pudagyň kärhanalarynyň durky düýpli täzelenilýär. Şu maksat üçin ýokarda ady agzalan zawoda uly möçberli maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi we olaryň özleşdirilmegi kärhanada işleri has sazlaşykly we netijeli guramaga amatly şertleri döretdi.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993