Balkan welaýatynyň ilatly
nokatlaryny üznüksiz gaz akymy bilen üpjün etmekde «Türkmengaz» döwlet
konserniniň «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň kärhanalary uly işler alyp
barýarlar hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny mynasyp
sowgatly garşylamak üçin şu günler iş depginlerini
barha ýokarlandyrýarlar.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň geçen hasabat döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli Maksatnamasynyň» çäklerinde ulanyşa tabşyrylan gaz geçirijileriň uzynlygy 8,5 kilometrden hem köp bolup, 802 müň manatlykdan gowrak maýa goýumlary özleşdirildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkisine garanyňda, önümçiligiň ösüş depgininiň 150 göterime golaý ýokarlandyrylandygyndan habar berýär. Gürrüňi edilýän dokuz aýda Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararlary boýunça bitirilen işler bolsa 626 müň manatlyga golaýlaýar. Welaýatyň Serdar etrabynda täze gurlan Arkaç geňeşligine degişli obany hem-de Bereket etrabynda gurulýan Gulmaç geňeşligine degişli döwrebap şäherçäni gazlaşdyrmak işleri hem üstünlikli amala aşyrylypdyr.