Şu ýylda ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senäni — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 30 ýyllygyny döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamynyň edara-kärhanalarynyň zähmet adamlary-da mynasyp sowgatly garşy alýarlar. Şolaryň arasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Baýramaly nebit önümleri kärhanasy hem bar. Bu öňdebaryjy kärhananyň agzybir zähmet adamlary şanly senäniň hormatyna Mary — Türkmenabat halkara awtomobil ýolunyň ugrundaky durky düýpli täzelenen 81-nji awtoulaglara ýangyç guýujy bekediň täze binasyny gurup, ulanmaga berdiler.
Onuň gurluşyk-gurnama işlerini «Marygurluşyk» önümçilik birleşiginiň 7-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary bellenilen möhletinde ýokary hilli ýerine ýetirdiler.