Türkmenleriň «Akyl akyldan sowaşyk» diýen pähimi bar. Bu gezek hem şeýle boldy. «Gara altyn» bilen iş salyşýan ussatlar, has takygy, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymlary ekin meýdanynda ösdürilip ýetişdirilen bol pagta hasylyny ýygnamak üçin «ak altyn» ussatlaryna kömege baranlarynda, olar birnäçe meselelere aýratyn üns berdiler. Netijede, täze usullar we tehniki çözgütler döredi. Şolaryň biri hem gowaçanyň ýapragyny himiki madda ulanmazdan düşürmek meselesi bilen bagly.
Döredilen täze usuly we tejribe nusgalykdaky enjamy gowaça meýdanynda synagdan geçirmek üçin Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Ýolöten ylmy-önümçilik synag hojalygynyň pagta meýdany saýlanyp alynýar. Bu hojalygyň ýardam etmegi bilen enjam gowaçalar ýaş wagty hem-de ýapraklary düşürilýän döwründe «Ýolöten — 14» sortly gowaçada synagdan geçirildi. Synag wagtynda gowaçalaryň ýapraklaryndan suw bugunyň çykýanlygy hem-de ýapragyň süllerýänligi, soňra-da guraýanlygy aýan edildi. Bu bolsa täze döredilen usulyň we ony amala aşyrmak üçin ulanylýan tehniki çözgüdiň işlemäge ukyplydygyny doly tassyklaýar. Geljekde bu usulyň senagat möçberindäki nusgasyny ýasap, giňişleýin synagdan geçirmek maksat edinilýär.