Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde we onuň çäklerinden alysda 2020-nji ýylda bellenilýän şanly waka — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dürli dabaralar geçirilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmäge mümkinçilik berýär.
Şanly senä bagyşlanyp «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 24-25-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň iri işewürlik we maliýe merkezi — Dubaý şäherinde «TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir» atly halkara maslahaty, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum üstünlikli geçdi. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatyny giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik beren şol dabaralary «Türkmengaz» döwlet konserni “Türkmen Forum” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda gurady.