TEBIGY GAZ WE SINTETIK MOTOR ÝANGYÇLARY

TEBIGY GAZ
 WE SINTETIK MOTOR ÝANGYÇLARY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde nebitgaz senagatyny ösdürmegiň meseleleri hakynda durup geçip, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge hem-de halkara ölçeglerine kybap gelýän, içeri we daşary bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri çykarmaga ýöriteleşdirilen döwrebap önümçilikleriň döredilmegine möhüm ähmiýet bermek bilen, bu babatda Ahal welaýatynda gurlan zawody mysal hökmünde getirdi. Munuň özi geçen ýylyň iýun aýynyň ahyrynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawodyň dünýäde ilkinji gezek biziň ýurdumyzda üstünlikli işe girizilendigini ýene-de bir gezek uly buýsanç bilen ýatlamaga, şeýle-de, umuman, sintetik motor ýangyçlary hakynda gürrüň etmäge esas berdi.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen gurlan senagat toplumynda her ýylda «mawy ýangyjyň» 1 milliard 785 million kubmetri gaýtadan işlenip, ol ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän ECO-93 kysymly benziniň 600 müň tonnasyny, şeýle hem ugurdaş önümlerinden 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy we düzüminde kükürt saklamaýan 12 müň tonna arassalanan dizel ýangyjyny öndürmeklige niýetlenilendir.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993