UZYNADA MEÝDANÇASY

UZYNADA MEÝDANÇASY

Uzynada meýdançasy Günbatar Türkmen çöketliginiň Gyzylgum bükülmesinde ýerleşmek bilen, bu ýerde ilkinji guýy gazuw işleri 1970-nji ýylda başlanyp, şol ýyllarda çuňlugy 4200-4400 metre çenli bolan 4 sany gözleg-agtaryş guýulary gazylypdyr. Emma, adyndan belli bolşy ýaly, bu bükülmede ýerleşen meýdançanyň gatlaklary has çuňlaşyp gidýänligi üçin aşaky gyzylreňkli çökündilere ýetilmändir.

Bellenip geçilmeli ýeri, Uzynada meýdançasynda 7-nji belgili guýy gazylmazdan ozal iň çuňňur Fersman 2-nji belgili guýusy Hazar deňziniň içinde 5910 metr çuňluga gazylypdyr. Galyberse-de, Gyzylgum bükülmesiniň çäginde ýerleşen Ogurjaly 2-nji belgili guýusy 1978-nji ýylda 5830 metr çuňluga, Günbatar Ördekli — Deňiz 1-nji we 3-nji belgili guýulary 1980-nji ýyllarda degişlilikde 5700 metr we 5450 metr çuňluklara gazylypdyr. Emma bularyň hiç birinde hem aşaky gyzyl gatlaklar açylmandyr.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993