«Türkmengaz» DK TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň birinji tapgyryny maliýeleşdirmek üçin hökümetden pul serişdelerini alar

«Türkmengaz» Döwlet konsernine Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň maýa goýum paýynyň birinji tölegini geçirmek üçin 45 million amerikan dollaryndan gowrak serişdeler karzyna berler.

Degişli Karara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji iýunda ýurduň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligine daşary ýurt pulundaky serişdelerinden 45 million 50 müň amerikan dollaryny «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynda depozite ýerleşdirmäge ygtyýar berildi we «Türkmengaz» DK görkezilen möçberde karz bermek tabşyryldy.

Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň 214 kilometre uzaýan türkmen böleginde meýdan barlag işleri tamamlandy diýen ýaly. Taýýar edilen 24 kilometr uzynlykdaky meýdanyň ugry boýunça geçirijileriň çekilmegi hem-de kebşirlenilmegi dowam edýär. Türkmen böleginde işleri 2018-nji ýylyň ahyrynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Öň belläp geçişimiz ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyny «Türkmengaz» we «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konsernleri öz hasabyna we karz serişdelerini çekmegiň hasabyna alyp barýarlar.

TOPH gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1814 kilometre barabar bolup, şol sanda, Owganystanyň çäginden – 774 km, Pakistandan Hindistan bilen araçäkleşmä çenli – 826 km geçiriler. Gurluşygy tamamlamak we gaz geçirijini dolulygyna ulanyşa girizmek 2019-njy ýylyň dekabryna meýilleşdirilýär.

Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde gurluşyk işleriniň potratçysyny halkara bäsleşiginiň netijeleri boýunça saýlarlar.

Bilşimiz ýaly, «Türkmengaz» DK TOPH gaz geçirijisini gurmak we ony ulanmak üçin döredilen «TAPI Pipeline Company Limited» halkara konsorsiumynyň lideri bolup durýar. «TAPI Pipeline Company Limited» konsorsiumynyň paýdarlary şu ýylyň 7-nji aprelinde Aşgabatda maýa goýum Ylalaşygyna gol çekdiler. Onuň ilkibaşdaky býujeti 200 million amerikan dollary möçberde bolup, ol TOPH gaz geçirijisiniň indiki tapgyryny maliýeleşdirmek üçin gönükdiriler. Onuň düzümine, şeýle hem, ugruň jikme-jik inženerçilik barlagy, Owganystanyň çäklerinde daşky gurşawa ekologiki we durmuş täsirini öwrenmeklik degişlidir.

2016-njy ýylyň 20-21-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde geçirilen Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongresiniň çäklerinde, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek hem-de maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Şeýle hem kongresiň dowamynda, Yslam ösüş bankynyň, Saud ösüş gaznasynyň hem-de Ýaponiýanyň Hökümetiniň wekilleriniň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmäge gatnaşmaga meýilleri barada habar berildi.

24-nji maýda Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we ÝAÖB-nyň ýolbaşçysy Sum Çakrabarti Ýewropa abatlaýyş we ösüş bankynyň TOPH taslamasynyň gurluşygyna gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Öňräk Türkmenistanyň ýolbaşçysy Kataryň we Saud Arabystanynyň işewür wekillerini TOPH taslamasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Aşgabat daşary ýurt maýadarlarynyň taslama gatnaşmagynyň esasy üç ugruny, ýagny, söwda boýunça — turba önümleri hem-de enjamlar bilen üpjün etmek; maliýeleşdirmek boýunça — karz serişdelerini bermek; maýa goýumlar boýunça —ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek işine goşulmak we «TAPI» konsorsiumyna gatnaşmak ugurlaryny teklip edýär.

Meňzeş täzelikler

2014