«Türkmennebit» döwlet konserni «Professional & Broadcast Digital Systems Ltd» britan kompaniýasyndan enjamlary satyn alar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçe ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň barşynda beýleki meseleler bilen bir hatarda ýurduň nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň meselelerine garaldy.

Hususan-da, wise-premýer Myratgeldi Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň berjaý edilişi, şol sanda hormatly Prezidentimiziň pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatda ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda görülýän çäreler barada giňişleýin habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almagy hakynda» kararyň taslamasy Türkmen Lideriniň garamagyna hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, munuň özi ýangyç-energetika toplumynyň degişli önümçilik düzümlerini maksadalaýyk kämilleşdirmäge, olary döwrebaplaşdyrmaga hem-de önümçilik görkezijilerini artdyrmaga ýardam berer.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, guýularda buraw we düýpli abatlaýyş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de ýöriteleşdirilen tejribeli daşary ýurt kompaniýalaryny we maýa goýumlaryny çekmek arkaly nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz suwuklandyrylan gazyň we esasy nebit önümleriniň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmak, nebitiň hem-de gazyň täze ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak babatda degişli tabşyryklary berdi. Nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat desgalarynyň netijeli ulanylmagyny gazanmak, bu ugurda önümçilige täze tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak möhümdir diýip, Türkmenistanyň Lideri aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konsernine ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak barada Beýik Britaniýanyň «Professional & Broadcast Digital Systems Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014