Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri parahorluga we korrupsiýa garşy göreşmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Maslahatyň gün tertibine ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine ýaramaz täsir edýän parahorluk we korrupsiýa garşy göreş meseleleri girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar korrupsiýa we bikanun söwda amallaryna garşy göreşmek boýunça wezipeleri çözmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar.

Duşuşykda bu ýaramaz hadysalaryň öňüni almak üçin ulgamlaýyn çemeleşmeleriň we bilelikdäki hereketleriň zerurdygy nygtaldy. Şeýle hem bu meseleleriň çözülmeginiň milli ykdysadyýetiň we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösmegindäki ähmiýeti nygtalyp geçildi. Şeýle hem degişli kanunçylyk we kadalaşdyryjy resminamalar beýan edildi.

Çärä gatnaşyjylar ýurtda alnyp barylýan syýasaty goldaýandyklaryny mälim edip, onuň durmuşa geçirilmegi üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Meňzeş täzelikler

2014