Ilaty üznüksiz ýagdaýda «mawy ýangyç» bilen üpjün etmek — gazçylaryň ileri tutýan wezipesi

Ýurdumyzda täze ýaşaýyş jaýlarynyň, jaý toplumlarynyň gurluşygyny ýokary depginde alnyp barylýar, her ýyl täze döwrebap obalar peýda bolýar. Öz gezeginde, täze ýaşaýyş toplumlarynyň emele gelmegi «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gazçylarynyň öňünde hem täze wezipeleri goýýar.

Hususan-da, birleşigiň hünärmenleri ilaty üznüksiz gaz bilen üpjün etmek, gaz geçirijileri gyş möwsümine taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Bu ugurda Büzmeýin etrabynda işleriň toplumy amala aşyryldy.

Güýz-gyş möwsüminiň başyna çenli etrabyň çägindäki ýaşaýyş toplumynda 4 sany täze gaz sazlaýjy we 8 sany gaz bekleýji desgalary oturdyldy. «Büzmeýinetrapgaz» gaz kärhanasynyň işgärleri elektrik izolirleýji gorag enjamlarynyň abatlaýyş işlerini geçirdiler, paýlaýjy gaz geçirijileriniň bekleýji armaturalarynyň tehniki hyzmatyny amala aşyrdylar.

Ýylyň sowuk möwsümi öýleri, kärhanalary we edaralary «mawy ýangyç» bilen üpjün edijiler üçin jogapkärçilikli döwürdir. «Aşgabatgaz» kärhanasy tarapyndan amala aşyrylýan çäreleriň toplumy sarp edijileriň üznüksiz gaz üpjünçiligine we şäheriň gaz hojalygynyň kadaly işlemegine gönükdirilendir.

Şeýle hem gazçylar hojalykda gazdan howpsuz peýdalanmak boýunça goşmaça gözükdirmeleri geçýärler. Köp öýli jaýlaryň içerki öý we içerki otag gaz enjamlarynyň ýagdaýyna aýratyn üns berilýär.

Bu günki güne çenli gyş möwsümine taýýarlyk işleri doly derejede tamamlandy.

 

Meňzeş täzelikler

2014