Gurbanguly Berdimuhamedow 21 — 23-nji oktýabrda Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21 — 23-nji oktýabrda Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow  anna güni geçirilen hökümet mejlisinde meýilleşdirilen iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hasabat berlişi ýaly, Türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa boljak saparynyň degişli maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy, onuň barşynda hem resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ýaponiýany ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny bellemek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm waka öwrüljek saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary derejedäki gatnaşyklara möhüm orun berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy, 2013-nji hem-de 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa bolan resmi we iş saparlary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli wakalara öwrüldi. 2015-nji ýylyň oktýabrynda biziň ýurdumyza Ýaponiýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen geldi. Şol saparlaryň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijesinde, ikitaraplaýyn resminamalaryň 37-sine gol çekildi.

Ýaponiýa Türkmenistanyň esasy maýa goýum hyzmatdaşlarynyň biridir. 2016-njy ýylyň başyna ýurtda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 6,5 milliard amerikan dollaryna barabar bolan 30-dan gowrak maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn uzakmöhletli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Nebitgaz we himiýa pudaklary, ulag-kommunikasiýa ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalygy we beýlekiler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

2019-njy ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-başlygy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Ýoiçi Kobaýaşiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Mundan öň, birnäçe iri infrastruktura taslamalary durmuşa geçirildi, şol sanda Maryda ammiak we karbamid öndürýän toplum, Garabogaz karbamid dökünlerini öndürýän toplum, Gyýanlydaky polietilen we polipropilen toplumy, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän toplum guruldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014