Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady. «Türkmennebit» döwlet konserni hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan forum 24-nji oktýabra çenli öz işini dowam eder.

Sergi we maslahat dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan, ýetilen sepgitlere baha bermekden, innowasion tehnologiýalary we taslamalary tanyşdyrmakdan, tejribe alyşmakdan hem-de halkara hyzmatdaşlygyny öňe ilerletmekden ybaratdyr.

Forum alymlary we bilermenleri, hökümet düzümleriniň hem-de abraýly guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Günüň ikinji ýarymynda öz işine başlan maslahatda energetika bazarlarynyň ösüşinde ählumumy ýagdaýlar hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi, bar bolan känleri işlemek, daşary ýurt maýadarlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny özleşdirmek üçin nebit we gaz känlerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy. Umumy mejlisiň esasy meseleleriniň hatarynda Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, transmilli turbageçiriji taslamalar, gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryň ileri tutulýan ugurlary, uglewodorodlaryň düýpli gaýtadan işlenilmegi diýen ugurlar boldy.

Foruma gatnaşyjylar ýangyç-energetika toplumynyň halkara, sebit we ýurdumyz derejesindäki senagatynyň geljekdäki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan tanyşdyrmalar, dünýäniň nebit bazaryndaky, bu ulgamdaky marketing strategiýalaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky synlar bilen tanyşdyryldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014