«Turkmen Petroleum» kompaniýasy TNGIZT-niň önümleriniň ýerleniş bazarlaryny işjeň giňeldýär

«Turkmen Petroleum» kompaniýasy TNGIZT-niň önümleriniň ýerleniş bazarlaryny işjeň giňeldýär. Şu ýylyň ilkinji 9 aýynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilýän önümleriň 500 müň tonnadan gowragyny daşary ýurtlara ugratdy. Bu görkeziji geçen ýylky möçber bilen deň bolup, ýylyň ahyryna çenli satuwlary 800 müň tonna çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

«Turkmen Petroleum» 2016-njy ýyldan bäri toplumyň halkara dellaly bolup durýar. Kompaniýanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde we Germaniýanyň Frankfurt şäherinde söwda wekilhanalary bar.

Belläp geçsek, ýerli kärhanalaryň — Türkmenbaşynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän zawodyň önümleri dünýäniň energetika bazarynda uly islegden peýdalanýar.

Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda kompaniýa tarapyndan ýerlenilýän önümleriň sanawyna ýangyç mazudy, A-92 görnüşli awtoulag ýangyjy, dizel ýangyjy, şol sanda EKO-5 kysymly dizel ýangyjy girýär.

Hususan-da, «Turkmen Petroleum» kompaniýasynyň Owganystandaky çelekli bazasyna А-92, А-80, EKО-93 kysymly awtoulag ýangyjy, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjy, ТС-1 we Jet A-1 kysymly howa ulaglary üçin ýangyç ugradylýar. Özbegistana howa ulaglary üçin kerosin we nebit bitumlary, Ukrainanyň bazaryna «Türkmengaz» döwlet konserniniň Polimer zawodynda we TNGIZT-de öndürilen dürli görnüşli polipropilen iberilýär.

Ýükler sarp edijilere deňiz tankerlerinde, demir ýol we awtomobil ulaglarynda ýetirilýär. Şunda bar bolan logistika ýollarynyň hemmesi, şol sanda Owganystan-Türkmenistan-Azerbeýjan-Gruziýa-Türkiýe (“Lapis Lazuli”) we Hazar deňziniň üsti bilen Wolga-Don gämi kanaly bilen Azow we Gara deňizlerine çykyş ýaly halkara ulag geçelgeleri ulanylýar.

Şeýle hem kompaniýa Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň şertlerinde ýurdumyzda işleýän kompaniýalardan satyn alynýan çig nebiti TNGIZT-e iberýär.

«Turkmen Petroleum» kompaniýasynyň strategiýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasiýalaryny çekmegiň hasabyna işini mundan beýläk hem diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilendir.

Netijede, «Türkmennebit» döwlet konserni bilen hyzmatdaşlykda Günbatar Türkmenistanyň känlerinde çig nebitiň çykarylyşynyň derejesini mundan beýläk hem artdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe innowasion tehnologiýalarynyň tejribe-senagat synagy üstünlikli geçirildi.

«Turkmen Petroleum» «Türkmengazyň» bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bilen, häzirki wagtda tebigy gazyň we kondensatyň gazylyp alnyş möçberini artdyrmak boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görýär.

«Turkmen Petroleum» Halkara nebitgaz sergilerine we maslahatlaryna işjeň gatnaşýar, şol sanda howandar hökmünde hem gatnaşýar. Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda geçirilýän pudaklaýyn forumlar ýerli ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini hödürlemek üçin oňat meýdança bolup hyzmat edýär.

Meňzeş täzelikler

2014