Beýik Britaniýanyň nebitgaz kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýärler

Şu gün Türkmenistanyň nebit we gaz ministrliginde Beýik Britaniýanyň nebitgaz ulgamyna ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärhanalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri we görnüşleri işewür gepleşikleriň esasy meseleleri boldy.

Duşuşyga adybelli britan kompaniýalarynyň, şol sanda «Perkins», «Petrofac», «Seetru», «Mabey Bridge», «Aggreco», «Willis Towers Watson», «Tomson Reuters», «Industrial Power Group», «Tensar» ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Britan kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň geljegi uly nebitgaz bazarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýola goýmaga bolan ýokary gyzyklanmalaryny bellediler, nebitgaz senagaty üçin täze enjamlaryny we innowasion tehnologiýalaryny getirip bermekligiň, bu ugurda hyzmat işlerini amala aşyrmaklygyň mümkinçiliklerini hödürlediler.

Hususan-da, «Perkins» kompaniýasy ýurdumyzyň nebitgaz kärhanalary üçin gaz generatorlaryny, hereketlendirijilerini, ätiýaçlyk şaýlaryny getirmegi ýola goýmagy hödürleýär. «Tomson Reuters» kompaniýasy nebit we gazhimiýanyň önümlerini eksport etmegiň has oňaýly logistiki ugurlaryny ýola goýmak maksady bilen dünýä bazarlaryny öwrenmek hem-de seljermek boýunça Türkmenistanda seljerme merkezini açmak boýunça öz hyzmatlaryny hödürledi. «Tensar» kompaniýasy bolsa, uly göwrümli enjamlary daşamak, taslamak, modul köprülerini ýygnamak we gurnamak işlerini durmuşa geçirmekligi teklip etdi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň nebit we gaz ministrligi myhmanlary uglewodorod serişdelerini gözlemek, çykarmak hem-de gaýtadan işlemek boýunça durmuşa geçirilýän hem-de meýilleşdirilýän taslamalary, gazy gaýtadan işleýän täze toplumlaryň gurluşygynyň meýilnamalary, nebiti we gazy daşamak boýunça iri infrastruktura taslamalary bilen tanyş etdiler.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýär hem-de innowasion tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary bolan kompaniýalar bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýär.

Duşuşygyň ahyrynda Beýik Britaniýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin teklipleriniň iri möçberli görkezilişini  gurnamak boýunça taýýarlyk işlerini geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Bu gezekki duşuşyk Beýik Britaniýanyň wekilçilikli toparynyň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde bolup geçdi. Şol wekilçilikli topara Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili hanym Emma Nikolson Uinterbornskaýa hem-de Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň başlygy jenap Ronald Neş ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň öňüsyrasynda, Aşgabatda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi we onuň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda girdejiler hem-de maýanyň artmagyndan alynýan girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden fiskal taýdan boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Konwensiýa gol çekildi.

Mejlisiň dowamynda britan tarapynyň wekilleri Türkmenistanyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly halkara başlangyçlaryny goldap, nebitgaz ulgamynyň geljeginiň, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermek boýunça üstünlikli amala aşyrylýan energetika strategiýasynyň Beýik Britaniýanyň kompaniýalarynda uly gyzyklanma döredýändigini bellediler.

Meňzeş täzelikler

2014