Prezident nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatynda işleriň netijeliligini ösdürmek boýunça wezipeleri belledi

Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow, şeýle hem «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçylary, «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň müdiriýetiniň geňeşiniň wekili we Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi hasabat bilen çykyş etdiler.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp aýdyşy ýaly, nebitgaz toplumynda, esasan hem nebit we gaz çykarmakda, onuň senagat gorlaryny artdyrmakda soňky ýyllarda alnyp barylýan işleriň netijesi pese düşýär, ýyllyk meýilnamalaýyn borçnamalar yzygiderli ýerine ýetirilmän gelýär.

Mysal üçin, «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça şu ýylyň on aýynda meýilnama 88,7 göterim ýerine ýetirildi. Meýilnamanyň ýerine ýetirilmeýändiginiň esasy sebäbi buraw işleriniň, guýulary düýpli abatlamak boýunça işleriň pes depginde alnyp barylýandygy bilen baglydyr. Şonuň ýaly-da, Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmäge daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça işler talabalaýyk alnyp barylmaýar. Nebit guýularynyň hereketsiz duran gorlarynda hyzmat ediş işleri ýeterlik geçirilmeýär. Işlenip geçilýän köne ýataklarda nebitiň çykarylyşyny we önümli gatlaklaryň nebit berşini ýokarlandyrmakda öňdebaryjy täze tehnologiýalar netijeli ulanylmaýar.

«Nebitdag» şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyga laýyklykda potratça düşýän nebitiň paýy öz wagtynda berilmedi. Şonuň netijesinde, Ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, taraplaryň paýlaryny laýyk getirmek göz öňünde tutulanda, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan «ENI» kompaniýasyna 18 müň tonna möçberde nebit paýy berilmedi. Russiýanyň «Tatneft» we Singapuryň «Ýugneftegaz» kompaniýalary bilen hyzmat etmek boýunça şertnamalaryň mümkinçilikleri doly möçberde ulanylmaýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň işlerini seljerip, 2019-njy ýylyň 10 aýynda tebigy gazy çykarmak boýunça meýilnamanyň 94,6 göterim, kondensat çykarmak boýunça 90,7 göterim we suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça hem 98,5 göterim ýerine ýetirilendigini belledi.

Şeýle hem polietilen öndürilişi 21,2 göterim, polipropilen öndürilişi 23,8 göterim we «ECO-93» kysymly benzin öndürilişi 27 göterim berjaý edildi. 2019-njy ýylyň 10 aýynda tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 94,5 göterim ýerine ýetirildi. Bagajadaky zawodda suwuklandyrylan gazyň öndürilişi bolsa, bu kärhananyň önümçilik kuwwatyna laýyk gelmeýär.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy boýunça geologiýa -gözleg işlerini geçirmekde şu ýyl üçin meýilnama 85,9 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň günbatarynda geologiýa-gözleg işlerini geçirmegiň hasabyna nebitiň gorlaryny artdyrmagyň ýeterlik möçberleri üpjün edilmeýär. Täze nebit ýataklary açylmaýar.

 

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy boýunça benziniň, kerosiniň, dizel ýangyjynyň, suwuklandyrylan gazyň we mazutyň öndürilişi artdyrylmaýar. 2018-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, benziniň öndürilişi 89,8 göterim, kerosiniň öndürilişi 83,8 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişi 91,8 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 82,5 göterim we mazutyň öndürilişi hem 93,7 göterim möçberde boldy.

Nebit önümlerini ýurdumyzyň içerki bazarynda ýerlemekde hem kemçiliklere ýol berildi. Zawodda öndürilen polipropilen örtügini içerki we halkara bazarlaryna ibermegiň ýeterlik depgini üpjün edilmeýär. Daşary ýurt pulunda gelýän girdejiler 2 % azaldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek we önümçilik görkezijilerini gowulandyrmak boýunça öňde durýan esasy wezipeleriniň birnäçesini kesgitledi.

«Türkmennebit» döwlet konsernine bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak tabşyryldy. Şu maksat bilen, uglewodorod serişdelerini gözlemek, işläp geçmek we gaýtadan işlemek babatda dünýäde ykrar edilen halkara kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaly. Täze açylan nebit ýataklaryny özleşdirmäge we köne ýataklardan nebitiň çykarmasy kyn bolan galyndy gorlaryny çykarmaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmeli diýip, Prezident aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylaryna tebigy gazy we gazhimiýa önümlerini ýerlemegiň bazarlarynyň gerimini giňeltmäge, täze halkara bazarlaryna çykmagyň logistika mümkinçiliklerini öwrenmäge, «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäklerindäki böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmaga we onuň Owganystanyň hem-de Pakistanyň çäklerinden geçýän böleginiň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmäge degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, täze gurlan gazhimiýa toplumlarynyň durnukly ulanylmagyny we taslama kuwwatyna çykarylmagyny gazanmaly. Ýakyn geljekde gurulmagy göz öňünde tutulýan tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlaryň taslamasyny düzmek we olary gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmeli. Ýokary tehnologiýaly önümçiliklerde we gaz - nebithimiýa toplumlarynda işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri hem-de ýaş hünärmenleri taýýarlamagy üpjün etmeli.

Prezident «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň depginini has-da güýçlendirmegi, aýratyn hem, nebitiň gorlaryny gözlemäge we barlamaga, täze nebitgaz ýataklaryny açmaga gönükdirilen işleri has-da çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hojalygy dolandyrmagyň we nebit önümlerini öndürmegiň täze usullaryny toplumlaýyn öwrenmegi, nebithimiýa önümleriniň täze görnüşlerini öndürmegi ýola goýmagy, bu önümleri daşary ýurtlara ibermegiň ýollaryny giňeltmegi, şeýle hem bu önümleri halkara bazarlaryna çykarmagyň ugurlarynyň gerimini artdyrmagy tabşyrdy.

Şunda sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagy üpjün etmäge, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga we onuň köp girdeji getirmegini gazanmaga ilkinji nobatda üns berilmelidigi nygtaldy.

Pudagyň institutlary dünýä ylmynyň tejribesini we iň soňky gazananlaryny özleşdirmelidir. Ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak üçin beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy pudaklaýyn ylmy edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014