Pirmämmet Ataýew — bäsleşigiň ýaş ýeňijisi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça 2016-njy ýylda geçiren bäsleşiginiň ýeňijileriniň biri-de Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji-mugallymy Pirmämmet Ataýew boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda, bäsleşigiň jemleri boýunça ol birinji orna mynasyp boldy we gymmatbahaly sowgat — HP noutbugy bilen sylaglandy.

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit we gaz ýataklaryndaky maşynlar we enjamlar kafedrasynyň ýaş mugallymynyň ylmy barlaglary milli ykdysadyýetimiziň energetika ulgamynda we gaz senagaty pudagynda gazturbina hereketlendirijileriniň üznüksiz işledilmeginiň meselelerine bagyşlandy. «Türkmenistanyň howa şertlerinde gazturbina hereketlendirijileri üçin oňaýly şertler» atly iri göwrümli ylmy işde näsazlyklaryň ýüze çykmagynyň esaslary we olary aradan aýyrmagyň usullary dürli hili hasaplamalaryň üsti bilen beýan edilipdir. Gazturbina hereketlendirijileriniň aşa gyzmagynyň sebäpleriň biri hem, oňa girişde howanyň temperaturasy hasaplanan temperaturadan has ýokary bolýar. Bu meseläniň çözgüdi — hereketlendirijide howa akymyny sowadýan enjam bilen enjamlaşdyrmak.

2013-nji ýylda Harkowyň N.Ý.Žukowskiý adyndaky aerokosmiki uniwersitetini tapawutlanyp tamamlap, inžener-öwreniji magistry derejesini alandan soňra, Pirmämmet birnäçe wagtlap Aşgabadyň döwlet hem söwda edaralarynda zähmet çekdi. 2015-nji ýyldan bolsa, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy boldy. Ylmy barlagçy hökmünde bu ylmy iş onuň tejribesinde ilkinji iş boldy.

— Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary dürli ulgamlarda, şol sanda, ýangyç-energetika toplumynda, energiýa serişdelerini tygşytly ulanmakda, energiýanyň alternatiw çeşmelerini tapmakda we nebitgaz ýataklaryndan netijeli peýdalanmakda ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Biz Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamyny ösdürmek we ylym ulgamyny ýurduň tehniki-ykdysady kuwwatyny mundan beýläk hem berkitmeklige gönükdirmek baradaky syýasatyna mynasyp goşant goşmaga çalyşýarys — diýip, ylmy bäsleşigiň ýeňijisi Pirmämmet Ataýew aýdýar.

Meňzeş täzelikler

2014