Türkmenistan we ABŞ ýangyç-energetika, sanly tehnologiýalar we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň ykdysady ösüş, energetika we daşky gurşaw boýunça orunbasary Kit Kraç Waşingtonda geçirilen duşuşykda türkmen-amerikan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Penşenbe güni geçirilen duşuşygyň barşynda, taraplar söwda-ykdysady we ulag-üstaşyr ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol sanda, nebit-gaz, sanly tehnologiýalar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Deýwid Heýl bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy diplomatik gepleşikleriň derejesini ara alyp maslahatlaşdylar we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy seljerip geçdiler.

Diplomatlar Merkezi Aziýanyň sebit howpsuzlygy barada pikir alyşdylar hem-de öňüni alyş diplomatiýany peýdalanmagyň ähmiýeti we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek barada nygtadylar.

Şeýle hem ABŞ-nyň Döwlet departamentinde türkmen wekiliýetiniň Waşingtona iş saparynyň dowamynda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Waşington iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge bolan ygrarlylygyny tassyklady.

Meňzeş täzelikler

2014