Türkmenistan «EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisiniň geçiriljek ýeri bolan Dubaýda Baş konsullygyny açdy

Geçen şenbe güni Birleşen Arab Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Öz çykyşynyň dowamynda, Türkmenistanyň Birleşen Arab Emirliklerindäki Baş konsuly Y.Amanow Dubaý şäherindäki Baş konsullygynyň açylyşynyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryna uly goşant goşjakdygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm orny eýelejekdigini belläp geçdi.

Bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, şeýle hem BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň, Dubaý şäherinde akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

BAE resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri BAE-niň resmi adamlarynyň birnäçesi bilen duşuşyk geçirdi. Olaryň dowamynda taraplar türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösüşini, şol sanda energetika, ulag, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreli aralygynda Dubaý şäherinde geçiriljek «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisinde milli ekspozisiýasyny hödürlär.

Gurbanguly Berdimuhamedow «EKSPO 2020» sergisine görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp, bütindünýä sergisinde milli ykdysadyýetimiziň gazanan netijeleriniň görkeziljekdigini belledi. Şeýle gözden geçirilişe gatnaşmak ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berjekdigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow oňa taýýarlyk işlerini degişli derejede alyp barmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014