«Petronas» Türkmenistanda zyýanly zyňyndylary we galyndylary azaltmak boýunça meýilnama taýýarlady

Taýýar önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň esasynda Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz känlerini işläp taýýarlaýan «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy daşky gurşawy durnukly goramak boýunça toplumlaýyn meýilnama taýýarlady.

Meýilnamada bellenilen çäreler malaýzilaýaly operatoryň Türkmenistanyň çägindäki işjeňliginde, hususan-da, önümçilik desgalarynyň golaýynda tebigaty goraýjylyk düzümini berkitmäge gönükdirilendir. Zyýanly zyňyndylary we galyndylary azaltmak, şeýle hem önümçilikde energiýadan we suwdan rejeli peýdalanmak kompaniýanyň esasy üns merkezinde durýar.

«Petronas» şeýle hem kompaniýanyň işgärleri, potratçylary, Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň hünärmenleri üçin prezentasiýa görkezdi, onuň dowamynda howanyň üýtgemegi boýunça halkara konwensiýalaryna we beýannamalaryna laýyklykda ekologiýa deňagramlylygyny gorap saklamakda taraplaryň borçlary dogrusynda gürrüň edildi.

Mundan başga-da, tokaýlaryň meýdanyny giňeltmek, daşky gurşawy goramak boýunça duşuşyklary, beýleki ekologiýa çärelerini yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar. 2019-njy ýylyň mart aýyndan bäri «Petronas» subpotratçylary bilen bilelikde Türkmenistandaky desgalaryna golaý zolaklarda üç müňe golaý agaç nahallaryny oturtmak işlerini geçirdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014