Döwrebap tehnikalar känleri işläp taýýarlamagyň netijeliligini ýokarlandyrýar

«Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň tehnologiki gullugynyň hünärmenleri material-tehnikiki binýady ösdürmegiň, hereket edýän tehnikalaryň we awtoulaglaryň görnüşlerini döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna Lebap welaýatyň çäginde ýokary önümçilik görkezijilerini gazandylar.

Hünärmenleriň ygtyýarynda Russiýanyň önümçiligi bolan «Kedr» barlaghana stansiýasy bar. Ol uniwersallygy, ýokary ygtybarlylygy, ulanmakdaky ýönekeýligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Bu stansiýa ýerasty plastlaryň ýagdaýyny anyklamaga, ýeriň aşagynda nebitiň ýa-da gaz ýataklarynyň bardygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde ulanylýan tehniki çözgütler geofiziki işleriň netijeliligini mümkin boldugyça ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Gullugyň garamagynda çöllere mahsus çylşyrymly şertlerde işlemäge ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 40-dan gowrak görnüşi bar. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy kärhananyň işleriniň netijeliligini we hilini ýokarlandyrýar.

Häzirki wagtda «Lebapgazçykaryş» müdirliginiňň hünärmenleriniň esasy işi Garagum çölünde ýerleşen köp sanly gaz känleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda jemlenendir.

Meňzeş täzelikler

2014