«Daşoguzşähergaz» gaz enjamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär

«Daşoguzşähergaz» hojalyk kärhanasynyň işgärleri gyş möwsümine taýýarlyk işleri däp bolşy ýaly ýazda, ýagny geçenki ýyladyş möwsümi tamamlanan badyna başlaýarlar. Bu ugurda giň möçberli işler amal edildi. Ýerasty gaz geçirijileriniň, gaz paýlaýjy nokatlaryň anyklaýyş barlaglary geçirildi, gaz torlarynyň, gaz paýlaýjy nokatlaryň we paýlaýjy şkaflaryň nobatdaky we düýpli abatlaýyş işleri geçirildi, ulanyş möhleti dolan GPB-ler çalşyryldy.

Bu günki gün gaz paýlaýjy torlary gözden geçirmek we arassalamak boýunça ähli çäreler ýerine ýetirildi we gyş möwsüminde sarp edijiler gaz bilen bökdençsiz üpjün ediler.

Bu ugurda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gurluşyk-gurnama müdirliginiň gazçylarynyň bilelikdäki tagallalary bilen uzynlygy 520 km bolan gaz geçirijiniň, şeýle hem 400-den gowrak gazpaýlaýjy we gaz sazlaýjy enjamlaryň işi ýola goýuldy. Kärhananyň ýanynda gaz enjamlaryny barlamak we dürli görnüşli näsazlyklary aradan aýyrmak boýunça gulluk gije-gündizleýin hereket edýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014