«Türkmengeologiýa» DK Türkmenistanda nebitiň gözlegine ýöriteleşer

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň häzirki wagtda geologiýa-derňew işleriniň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň biri hem nebit ýataklarynyň gözlegidir. Uzak ýyllar üçin tebigy gazyň ykrar edilen ygtybarly ätiýaçlyk gorlaryny nazara alyp, «Türkmengeologiýa» soňky wagtlar geologiýa derňew işlerini nebit ýataklarynyň gözlegine, aýratyn hem, ýurduň günorta-günbatar böleginde miosen ýataklarynyň we ýurduň merkezi böleginde ýura-mel galyndy ýataklarynyň gözlegine gönükdirdi.

Geologlaryň bellemeklerine görä, Türkmenistanyň tutuş gury ýer çägi nebit we gaz ähmiýetli ýerler hökmünde görülýär. Hususan-da, ýerastynyň müminçilileri 7 kilometr çuňluklaryna çenli barlanyldy. Olar neogen,  mel we ýura galyndylary bilen baglanyşyklydyr. «Türkmengeologiýanyň» berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň ýerasty jümmüşinden häzirki wagta çenli nebit we gaz ähmiýetli düzümleriň ägirt köp mukdary ýüze çykaryldy, ägirt uly ätiýaçlyklaryň bardygy subut edildi. 190-dan gowrak gaz ýataklaryň üsti açylyp, olaryň aglaba bölegi tebigy gaz bilen baglanyşyklydyr.

Indi geologlar Türkmenistanyň demirgazygynda ýerleşýän Tarymgaýa meýdançasyndaky karbon galyndylarynda ýakynda alnan ýura döwrüne çenli nebitgaz mümkinçiliklerini öwrenerler.

Mundan başga-da, pliosen-miosen toplumlarynyň has çuňluklarda ýerleşen möhüm ähmiýetli sepgitleri, ýurduň günorta-günbataryndaky mezozoý, merkezindäki, gündogar we günorta-gündogaryndaky mel we ýura galyndylary has içgin barlanylyp başlanar.

Geologlar köplenç gözleg-barlag guýularyny uly çuňluklarda çylşyrymly dag-geologiki şertlerde burawlamaly bolýarlar. Uly çuňluklardaky sepgitleri özleşdirmek hem-de ýüze çykarmak meselelerini çözmek üçin ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny ornaşdyrmak zerurdyr. Çünki düzgün boýunça ýataklaryň aglabasy çylşyrymly gurluşly galyndylara uýgunlaşandyr. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengeologiýa» çuň guýulary burawlamak ulgamynda tehnikanyň we tehnologiýanyň iň täze gazananlaryny tapgyrlaýyn ornaşdyrýar.

Şeýlelikde, täze tehnologiýalary ýokary geçirijili häzirki zaman enjamlary bilen bilelikde tejribede ornaşdyrylmagy guýulary gurmaklygyň möhletini azaltmaga we olaryň özüne düşýän bahasyny peseltmäge ýardam etdi. Şu wezipeleri ýerine ýetirmek üçin «Türkmengeologiýa» DK zerur bolan enjamlary satyn almak hem-de ýerli hünärmenleri täze tehnikalara we häzirki zaman tehnologiýalaryna öwrenişdirmek boýunça şertnamalary baglanyşýar.

Gündogar Türkmenistanda (Galkynyş, Ýaşlar we ş.m. ýataklar) hem-de Günorta-Günbatar Türkmenistanda (Akpatlawuk, Körpeje we ş.m.) 3D usulynda seýsmiki barlag işleriniň üstünlikli geçirilmegi nebitiň we gazyň ägirt uly gorlary çaklanylýan, çuňluklarda ýerleşýän täze ýataklary öwrenmäge, şeýle hem, öň üsti açylman galan ýataklaryň üstüni açmaklyga gönükdirilen gözleg-barlag işleriniň usullaryny taýýarlamaga ýardam etdi.

Mundan başga-da, «Türkmengeologiýa» daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmekden hem uly netijelere garaşýar. Hususan-da, hytaý kompaniýasy «CNPC Çaunsin drilling» (CNPC Chuanqing Drilling Engineering Company Limited (CCDC) – IF) korporasiýa bilen baglaşylan şertnamasyna laýyklykda ýurduň gündogarynda ýerleşýän taslama çuňlugy 5500 metr bolan Nagaraçy meýdançasynda barlag guýusynda buraw işlerini tamamlaýar. Beýleki bir şertnama laýyklykda, «Юг-Нефтегаз» (Singapur) kompaniýasy Türkmenistanyň günbatarynda, Demirgazyk Goturdepe, Goturdepe we Barsagelmez ýataklarynyň töwereklerinde 2D we 3D usullarynda seýsmiki barlag işlerini dowam edýär. Bu işler edil gury ýerde bolşy ýaly, Hazar deňziniň türkmen kenarynyň ýalpak ýerlerinde amala aşyrylar.

Meňzeş täzelikler

2014