«Türkmengaz» «Galkynyşdaky» guýulary burawlamak üçin «Sumitomo Corporation Europe Ltd.» kompaniýasydnan enjamlary satyn alar

Beýik Britaniýanyň «Sumitomo Corporation Europe Ltd.» kompaniýasy «Türkmengaz» döwlet konsernine «Galkynyş» gaz känindäki guýulary burawlamakda we ulanyşa girizmekde zerur bolan dürli turbalary we enjamlary satar. Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmengaz» döwlet konsernine «Sumitomo Corporation Europe Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Х gaz kongresinde habar berlişi ýaly, «Türkmengazyň» işläp taýýarlaýan «Galkynyş» ägirt uly gaz käniniň ulanyş gaznasynda 40-dan gowrak guýy bar. Bu kän işläp taýýarlamagyň başlangyç tapgyrynda bolup, ol birnäçe tapgyrda amala aşyrylar. Şol sanda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi boýunça hem gaz ibermek üçin ulanylar.

Käni özleşdirmegiň başlanan wagtyndan bäri, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda bu ýerde umumy kuwwaty ýylda 30 mlrd kub metr harytlyk gaza barabar bolan kükürt arassalaýan we gazy taýýarlaýan üç sany gaz toplumy ulanyşa girizildi. Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisini «mawy ýangyç» bilen üpjün edýän şular ýaly toplumlar gurulýar.

«Galkynyş» käniniň ägirt uly gorlary beýleki ugurlar boýunça hem, şol sanda Ýewropa bazarlaryna hem gaz ibermek üçin ulanylyp bilner.

«Gafney, Cline & Associates» garaşsyz britan kompaniýasy «Galkynyş» käniniň gorlaryny 27,4 trln kub metr tebigy gaz möçberinden bahalandyrdy.

Meňzeş täzelikler

2014