«Türkmengaz» DK-nyň tebigy gaz YBI-de ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy barlag institutynda Halkara Bitaraplyk güni we Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitgaz pudagynyň ylmy ösüşi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat «Türkmengaz» DK-nyň Tebigy gaz ylmy-barlag instituty we Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygy guramasy bilen bilelikde gurnaldy.

Bu çärä nebitgaz toplumynyň dürli düzümleriniň işgärleri, inženerler, ylmy işgärler, pudagyň ýaş hünärmenleri we beýlekiler gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda gazhimiýa senagatynyň ösüşine, gaz we gazkondensatly känleriň işlenip taýýarlanylyşyna, degişli çykyşlar diňlenildi. Pudaga sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy, geologiýa pudagynda gazanylanlar beýan edildi. Soňra edilen çykyşlar boýunça pikir alyşmalar gurnaldy.

Maslahatyň çäklerinde aýratyn tapawutlanan işgärleri sylaglamak dabarasy geçirildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014