Söwda howatyrlanmalary gowşanyndan soň, nebit sentýabrdan bäri iň ýokary bahadan satylýar

Nebitiň dünýä boýunça bahalary dürlüçe üýtgeýär. Ýöne şol bir wagtda, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň howatyrlanmasynyň gowşamak mümkinçiligi zerarly sentýabrdan bäri, iň ýokary nyrhyny saklap galýar.  Muňa biržalaryň söwdalary şaýatlyk edýär, diýip Trend Praým agentligine salgylanyp habar berýär.

«Brent» söwda belgili nebitiň bahasy o,12 göterim ýokarlanyp, 66,62 dollara, «WTI» nebitiniň bahasy 0,1 göterim aşaklap, 61,12 dollara deň boldy.

Treýderler ABŞ-nyň maliýe ministrliginiň ýolbaşçysy Stiwen Mnuçiniň aýdan beýanatyna üns berdiler. Şoňa laýyklykda, ABŞ bilen HHR-iň arasynda söwda ylalaşygynyň birinji tapgyryna apreliň başynda gol çekilip bilner. Bu beýanat geçen hepdede ABŞ bilen Hytaý söwda ylalaşygynyň birinji tapgyry boýunça ylalaşyk gazanandyklaryny habar berenlerinden soň aýdyldy.

Waşingtonda habar berişleri ýaly, Pekin amerikan önümlerini we hyzmatlaryny satyn almaga borçlandyryldy, taraplar şu tapgyrda goşmaça salgyt salmalary girizmekden el çekdiler, şol bir wagtda öňki girizilen salgytlar güýjünde galdy.

«ABŞ bilen Hytaýyň arasynda geçen hepdede gazanylan söwda ylalaşygynyň netijesinde ýetilen parahatçylyk bazaryň 2020-nji ýyl bilen bagly garaşylmalaryny oňaýly tarapa gönükdirdi» - diýip ANZ bankynyň analitikleri belleýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014