Täze gaz käni ulanyşa girizildi

Lebap welaýatynyň günortasynda «Täjibaý» atly täze gaz käni senagat taýdan işlenilmäge girizildi. «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri bu ýerde «mawy altyn» çykarmaga başladylar. Ilkinji gazly guýudan onlarça million kub metr gymmatly çig mal alyndy.

Şol bir wagtyň özünde barlag guýylarynyň ýene üçüsi gazylýar. Ýakyn ýyllarda täze guýylary ulanmaga bermegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylyşy ep-esli artar.

«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri şu ýyly gowy zähmet görkezijileri bilen tamamlaýarlar. Ýylyň başyndan bäri 8 milliard kub metrden gowrak «mawy altyn» we 50 müň tonnadan gowrak dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýan açyk reňkli nebit önümlerini çykarmak üçin gymmatly çig mal bolan gaz kondensaty alyndy.

2019-njy ýylyň oktýabrynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» halkara maslahatynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleri 71 mlrd tonna nebit barabarlygynda bahalandyrylyp, şolaryň 20 mlrd tonnadan gowragy nebit we 50 trln kub metri tebigy gaz. Gaz ätiýaçlyklary boýunça iň iri kän 27,4 trln kub metrli «Galkynyş» känidir.

Meňzeş täzelikler

2014