«Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine ECO-93 benzininiň önümçiligi boýunça zawodyň şahadatnamalaryny gowşurdy

Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daniýanyň belli «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Býorn Stefan Klauzen bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy.

Ýatladyp geçsek, bu kompaniýa TIGAS tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu tehnologiýa Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod üçin «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Ol ýokary netijeli katalizatorlar bilen utgaşdyrylyp, energiýa harajatlarynyň hem-de daşky gurşawa täsiriniň azlygy bilen birlikde, ýokary hilli benzini öndürmäge mümkinçilik berýär.

2019-njy ýylyň iýun aýynda işe girizlen bu kärhanada her ýyl «mawy ýangyjyň» 1 milliard 785 million kub metri gaýtadan işlenilip, şondan EURO-5 ölçegine kybap gelýän ECO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasy, dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy hem-de suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy öndürilýär.

Duşuşygyň barşynda Býorn Stefan Klauzen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa şol zawodda önümçiligiň innowasion häsiýetini tassyklaýan halkara güwänamalary gowşurdy.

Şeýlelikde, Daniýa Patyşalygynyň Energetika senagaty federasiýasy kärhanada ornaşdyrylan ekologiýa ölçegleriniň ýokary derejesini belledi, ol daşky gurşawa kömürturşy gazynyň täsiriniň has azdygyny, çykarylýan önümiň kükürtsiz bolmagyny, zyýanly metallaryň bolmazlygyny we aromatiki hem-de olefin uglewodorodlarynyň mukdarynyň bildirilýän berk talaplara gabat gelýändigi üçin ekologiýa taýdan arassa bolup durýandygyny aňladýar, Beýik Britaniýanyň Himiýa inženerleriniň akademiýasy (IChemE) bolsa, TIGAS (tebigy gazdan sintetiki benziniň alynmagy) tehnologiýasynyň kämilleşdirilendigi üçin ýokary baha berdi.

1922-nji ýylda inžener-himiýaçylar we tehnologlar üçin hünär edarasy hökmünde esaslandyrylan IChemE iri guramanyň güwänamasy «Nebit we gaz 2019» ählumumy nominasiýasynyň ýeňijisine gowşuryldy.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň nebitgaz pudagyny ösdürmegi, täze döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň düzümini giňeltmegi ugur edinýändigini belledi. Şu nukdaýnazardan, tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de ekologiýa taýdan arassa önümleri çykarmak biziň üçin ileri tutulýan ugur bolup, bu babatda anyk işler amala aşyrylýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek işleri amala aşyrylýar, dünýä bazarynda uly islege eýe bolan nebitgaz önümlerini öndürýän döwrebap önümçilik toplumlary gurulýar we ulanylmaga berilýär. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumy, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod we beýlekiler munuň aýdyň mysalydyr.

Bu iri kärhanalar ýurdumyzyň sebitlerini giň gerimde senagatlaşdyrmaga, eksport ugurly harytlary çykarmagyň hasabyna türkmen ykdysadyýetiniň kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýär. Deňi-taýy bolmadyk taslamalary amala aşyrmak bilen, biz ýurdumyzy tutuş dünýäniň geljegini nazarlaýan «ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm merkezleriniň birine öwürmek üçin zerur şertleri döredýäris.

Meňzeş täzelikler

2014