Şahadatnamalarynyň gowşurylmagyna bagyşlanyp maslahat geçirildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda täze halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagyna bagyşlanyp, maslahat geçirildi.

Maslahata «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň ýolbaşçylary we işgärleri, taslama gatnaşan ýapon kompaniýasynyň wekilleri, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlar, pudaklaýyn Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri, HBS-iň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Döwlet ministri — «Türkmengaz» DK-nyň başlygy M.Arçaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işgärlerini bu şatlykly habar bilen gutlady we döwlet baştutanynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazanan üstünliklerini nygtady.

Çykyşlaryň barşynda soňky ýyllarda ýurduň ykdysady ösüşiniň nebitgaz toplumynyň diwersifikasiýasyna, döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň infrastrukturasyny giňeltmäge gönükdirilendigini belledi. Häzirki wagtda nebitgaz pudagynyň dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümlerini öndürmek boýunça döwrebap önümçilik toplumlary gurlup, ulanylmaga berilýär.

Maslahata gatnaşyjylar, öz çykyşlarynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň halkara derejesinde ykrarnama tapandygyna şaýatlyk edýän şahadatnamalaryň gowşurylmagyny uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler.

Meňzeş täzelikler

2014