Ýaşyldepe meýdançasynda nebit çykarmak boýunça ýyllyk meýilnama ýerine ýetirildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýaşyldepe» nebit we gazy çykarmak boýunça müdirliginiň esasy önümçilik görkezijileri ýokarlanýar. Çig nebitiň önümçiligi 193 müň tonna deň boldy, ýyllyk meýilnama 11 aýda üstünlikli ýerine ýetirildi. 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 1008 göterime deň boldy.

Häzirki wagtda müdirlikde dürli ugurlarda 420 töweregi hünärmen zähmet çekýär. Nebitçiler ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň känlerini özleşdirmekde ýeterlik tejribe topladylar.

Bu günki gün nebitiň çykarylyşy öňdebaryjy depginler bilen artýar. Şu ýylyň başyndan bäri, 30 sany guýuda nebitiň akymyny işjeňleşdirmek boýunça işler amala aşyryldy. Ýaşyldepe käninde çykarylýan «gara altyn»Amyderýanyň üsti bilen Halaç etrabynyň çäginde ýerleşen «Pelwert» nebitguýujy terminala getirilýär we soňra demir ýol arkaly Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna getirilýär. Bu ýerde öndürilen, halkara ülňülerine laýyk gelýän nebit önümleriniň aglaba bölegi eksporta iberilýär.

Meňzeş täzelikler

2014