Goturdepe käniniň önümçilik görkezijileri artýar

«Türkmennebit» DK-nyň düzümine girýän «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Goturdepe» ulag-tehnologik müdirligi Goturdepe meýdançasyny özleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp barýar.

Müdirligiň hünärmenleri ýöriteleşdirilen ulagyň tehniki üpjünçiligini, ýükleýiş-düşüriş işlerini, buraw desgalaryna barýan ýollaryň gurluşygyny amala aşyrýarlar.

Müdirligiň ygtyýarynda — ygtybarly daşary ýurt tehnikalary, şol sanda awtokolonnalar, şeýle hem awtoabatlaýyş ussahanasy bar. «XJ-250» we «UPT-1-50» ýuk göteriji desgalaryň ulanylmagy işleri düýpli ýeňilleşdirdi we onuň durnuklylygyny üpjün etdi, netijede kände çig malyň çykarylyşy artdy.

Ulagyň tehnologik üpjünçiligi hünärmenler tarapyndan ýokary derejede ýerine ýetirilýär, öz wagtynda we operatiw ýagdaýda awtoulagyň näsazlyklary düzedilýär. Işgärlere ýörite egin-eşik we köwüş berilýär, howpsuzlyk düzgünleri pugta berjaý edilýär.

Şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen serişdeleri 38 mln 565 müň manada, meýilnamanyň ýerine ýetirilişi – 103 göterime deň boldy. Girdejiniň möçberi 7,5 mln manada deň boldy, bu bolsa meýilleşdirilen möçberde 53 göterim artyk boldy.

Meňzeş täzelikler

2014