Çelýabinsk turba öndüriji zawody TOPH üçin turbalary Türkmenistana doly iberdi

Çelýabinsk turba öndüriji zawody (ÇTPZ) Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin turbalary Türkmenistana doly mukdarda iberdi. Bu barada Interfaks ÇTPZ-niň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Kompaniýa 150 müň tonnadan ybarat turbalary getirdi. Turbalaryň diametri 1,422 mm bolup, antikorroziýa örtügi bilen örtülen we X70 berklikli metaldan ýasalan. Russiýanyň ÇTPZ kompaniýasy gurluşygy dowam edýän TOPH gazgeçirijisini turba bilen üpjün etmek boýunça “Türkmengaz” döwlet konserniniň tender toparynyň yglan eden bäsleşiginde 94 gatnaşyjynyň arasynda ýeňiji boldy.

Taslamany durmuşa geçirmek üçin Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Sberbank” maliýe hyzmatlary kompaniýasynyň, Yslam ösüş bankynyň we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň arasynda ÇTPZ kompaniýasynyň haýryna 200 million ABŞ dollaryna barabar töleg amala aşyrmakda ylalaşyldy.

TOPH — ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metre deň boljak magistral gaz geçirijisi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistandan Owganystana, Pakistana Hindistana tebigy gaz ibermäge ýardam eder.

Meňzeş täzelikler

2014