31-nji dekabr Türkmenistanda iş güni däl diýlip yglan edildi

Täze ýyl baýramy mynasybetli 31-nji dekabr Türkmenistanda iş güni däl diýlip yglan edildi. Dynç gününi geçirmek hakynda degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 29-njy dekabryndaky dynç güni 31-nji dekabra — sişenbe gününe geçirilýär. 2019-njy ýylyň 29-njy dekabrynyň iş tertibini hepdäniň sişenbe gününiň iş tertibine laýyklykda bellenildi.

Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Meňzeş täzelikler

2014