Türkmenistanyň Prezidenti: 2019-njy ýyl oňat ýyl boldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisinde geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, onuň Watanymyz üçin oňat ýyl bolandygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň jemleri barada durup geçip, Halkara Pul Gaznasynyň berýän maglumatlaryna görä, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde dünýäde ykdysady çökgünligiň başlanan wagtyndan bäri ösüş depgini haýallap, iň pes derejä çenli baryp ýetdi, diýip belledi. 2019-njy ýylyň ähli ýurtlar üçin örän kyn, syýasy we ykdysady babatda dürli wakalara baý bolandygyna garamazdan, Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň oňat bolmagyna — 6,3 göterim derejede bolmagyna garaşylýar.

Bolup geçýän özgermeleri göz öňünde tutup, kabul edilen maksatnamalary öz wagtynda ýerine ýetirmek we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň pese düşmegine ýol bermezlik üçin, haýal etmän, ähli zerur çäreler görüldi.

Biz döwlet dolandyryşy, içerki we daşarky maliýe, söwda ulgamlary, şeýle hem zähmet we harytlar bazarlary ýaly ugurlarda özgertmeleri geçirmegiň depginlerini güýçlendirdik. Bu bolsa orta möhletli döwürde önümçiligiň möçberlerini ep-esli artdyrmagy üpjün etmäge bize mümkinçilik berdi diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Netijede, çylşyrymly şertlere garamazdan, şu ýyl bize örän köp işleri bitirmek we köp sanly meseleleri çözmek başartdy diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilendigini göz öňünde tutan meýilnamalaryň ählisiniň diýen ýaly amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle hem Türkmen Lideri geljek ýyl üçin kabul edilen Döwlet býujetine oňyn baha berdi, onda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini nobatdaky gezek 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy. Prezident sözüni dowam edip, zähmet haklaryny tölemekde hem hiç hili meseläniň ýokdugyny aýtdy.

Döwlet Baştutany milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler barada aýdyp, görkezijileriň birnäçesini mysal getirdi. Hususan-da, şu ýyl 1 million 700 müň tonna golaý galla hasylynyň ýygnalyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigi hem-de 1 million tonnadan gowrak pagta hasylynyň ýygnalandygy bellenildi.

Şonuň bilen baglylykda, bellenilişi ýaly, umumy şertnama bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý bolan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 2 müňden gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar, olaryň durmuşa geçirilýän taslamalary örän giň gerimliligi bilen tapawutlanýar.

Bularyň hemmesi biziň ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek barada edýän tagallalarymyzyň netijesidir diýip, hormatly Prezidentimiz bu desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen, olaryň öz oňat netijelerini berip başlajakdygyna ynam bildirdi.

Umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 66 sany iri desgany eýýäm işe girizdik diýip, milli Liderimiz olaryň hatarynda Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawodyň gurluşygyny aýratyn belledi.

Gurluşygy üstünlikli dowam edýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň möhümdigi bellenildi.

Döwlet Baştutany öňdäki işleriň geljegi uly ugurlary barada durup geçmek bilen, geljek ýylda ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm bolan iki çäräniň geçiriljekdigini aýtdy. Esasy Kanunymyza — ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň girizilmegi kanun çykaryjy häkimiýeti ýokary derejede üýtgeder. Iki palataly Parlament dörediler.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy giňden we dabaraly ýagdaýda belleniler diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow şol wakalara bagyşlanan çäreleriň örän ýokary derejede geçirilmelidigine ünsi çekdi.

Meňzeş täzelikler

2014